www.jankoyer.com.tm
AFC CL. “Ahal” – “Al-Aýn” toparlaryň çykyş etjek köýnekçeleri belli boldy
04.12.2023ý.
Ozal hem habar berşimiz ýaly, 2023-nji ýylyň 5-nji dekabrynda sagat 19:00-da Aşgabat şäherindäki «Aşgabat» köpugurly stadionynda AFK-nyň Çempionlar ligasynyň 6-nji tapgyrynda öz meýdanynda «A» toparçanyň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň çempionatynyň lideri – «Al-Aýn» toparyny kabul eder. Şol gün "Al-Feýha" bolsa "Pahtakoryn" myhmany bolar.
2023-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda AFK-nyň Çempionlar ligasynyň 2-nji tapgyrynda «Al-Aýn» (BAE) topary futbol boýunça Türkmenistanyň çempiony «Ahal» toparyny kabul edip, 4:2 hasabynda ýeňmegi başarandygyny ýatladýarys.
«Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahal» futbol toparynyň oýunçylary ertir AFK-nyň Çempionlar ligasynyň 6-njy tapgyrynyň duşuşygynda ak köýnekçede, derwezeçisi bolsa gyzyl reňkli köýnekçede çykyş ederler. Bu barada şu gün Aşgabat şäherindäki «Oguzkent» myhmanhanasynyň konferens zalynda duşuşykdan öň geçirilen guramaçylyk maslahatynda habar berildi. Şeýle hem şol maslahatda tanyşdyrylyşy ýaly, «Al-Aýnyň» oýunçylary badam köýnekçede, derwezeçisi bolsa sary reňkli köýnekçe geýerler.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň dykgatyna! AFK-nyň Çempionlar ligasy 2023-24-iñ toparçalaýyn bäsleşiginiň 6-njy tapgyryň «Ahal» (Türkmenistan) – «Al-Aýn» (Birleşen Arap Emirlikleri) öň ýanynda, 4-nji oktýabrda metbugat ýygnanyşyklary geçiriler. Resmi wekilleri bilen geçiriljek metbugat ýygnanyşygy “Ahalyň” baş tälimçisi Serdar Geldiýewiň we toparyň goragçysy Hakmuhammet Bäşimowyň gatnaşmagynda guraljak metbugat ýygnanyşygy 17:00-da, “Al-Aýnyň” baş tälimçisi Ernan Kresponyň (Italiýanyň «Inter», «Milan» we Angliýanyň «Çelsi» toparlarynda çykyş eden Argentinanyň milli ýygyndy toparynyň öňki hüjümçisi) hem-de toparyň bir futbolçysynyň gatnaşmagynda guraljak metbugat ýygnanyşygy bolsa 18:45-de başlanar. Metbugat ýygnanyşyklarynyň ikisi hem “Aşgabat” stadionynyň konferens zalynda guralar.
AFK-nyň Çempionlar ligasy 2023/24
5-nji tapgyrdan soň «A» toparçadaky ýaryş tablisasy: 04.12.2023ý.

1.«Al-Aýn» (BAE) – 12 utuk
2. «Pahtakor» (Özbegistan) – 7
3. «Al-Feýha» (Saud Arabystany) – 6
4. «AHAL» (TÜRKMENISTAN) – 4
6-njy tapgyr: 05.12.2023ý.
19:00 I «AHAL» (TÜRKMENISTAN) – «Al-Aýn» (Birleşen Arap Emirlikleri)
Geçirilýän ýeri «Aşgabat» köpugurly stadiony (Aşgabat ş., Türkmenistan)

Duşuşygyň emini: Kim Jong Hyeok (Koreýa)
Kömekçi eminler: Park Kyunyong, Jang Jongpil (ikisem Koreýa)
Ätiýaçdaky emin: Chae Sanghyeop (Koreýa)
Gözegçi emin: Saad K M Alfadhli (Kuweýt)
Duşuşygyň komissary: Mohammed Abdullah Nazmy Mango (Iordaniýa Haşimit Patyşalygy)
Eminlere wideo kömek (VAR): Kim Heegon (Koreýa)
Eminlere wideo kömek (VAR) kömekçisi: Kim Daeyong (Koreýa)
19:00 | «Pahtakor» (Özbegistan) – «Al-Faýha» (Saud Arabystany)

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


