UEFA EL. "Liwerpul", "Atalanta", "Baýer" toparçalarynda 1-nji orny eýelärler

 

01.12.2023ý.

UEFA Ýewropa Ligasynda toparçalardaky 5-nji duşuşyklar geçirildi. Geçirilen duşuşyklardan soň käbir klublar ýaryşy dowam etdirmäge hukuk gazandy.

«A» toparçada Gregoriçiň het-trik eden duşuşygynda «Fraýburg» öz meýdançasynda «Olimpiakosdan» 5-0 üstün çykdy. «West Ham Ýunaýted» hem myhmançylykda «Baçka Topola» klubuny Souçegiň ýeke-täk goly bilen (1-0) ýeňdi. Ýeňiş gazanan toparlaryň 2-si hem ýaryşy dowam ederler. 12 utuk toplan klublaryň haýsynyň lider bolup, 1/8 finala pleý-off oýnamazdan çykjakdygy 14-nji dekabrda Londonda geçiriljek özara duşuşykdan soň kesgitlener.

«B» toparçada 7 goluň geçirilen oýnunda «Marsel» öz meýdançasynda «Aýaksy» 4-3 ýeňdi. Duşuşykda fransuz klubunyň gollaryny 2-si penaltiden Obameýang 3 (9 p, 48, 90+3 p), şeýle-de Mbemba (26) geçirdi. «Aýaksyň» gollaryny Brobbi (10, 30) bilen Akpom (79) derwezä girizdi. «Braýton» myhmançylykda AEK toparyny Žoao Pedronyň penaltiden geçiren ýeke-täk goly bilen 1-0 utdy. «Marseliň» 11, «Braýtonyň» 10 utugy bolup, bu toparçanyň lideri hem 14-nji dekabrda Angliýada geçiriljek oýundan soň belli bolar.

«C» toparçada «Betisiň» myhmançylykda «Spartadan» 1-0 utulmagy çehlere-de ýaryşy dowam etdirmek mümkinçiligini gazandyrdy. «Reýnjers» öz meýdançasynda «Aris» bilen 1-1 deňme-deň oýnady. Indi «Betisiň» 9, «Reýnjersiň» 8, «Spartanyň» 7 utugy bar.

«D» toparçada haýsy klubuň 1-nji ýeri eýelejekdigi belli boldy. Öz meýdançasynda «Sporting» bilen 1-1 hasabynda deňme-deň oýnan «Atalanta» 1/8 finala adyny ýazdyrmagy başardy. «Sporting» bolsa Çempionlar Ligasyndan geljek klublaryň biri bilen 1/8 finala çykmak üçin pleý-off tapgyryny oýnamaly bolar.

«E» toparçada «Liwerpul» öz meýdançasynda LASK toparyndan 4-0 üstün çykdy. Gollary Diaz (12), Gakpo (15, 90+2) hem-de Salah (51) geçirdi. Bu ýeňişden soň utugyny 12-ä çykaran «Liwerpulyň»  toparçada 1-nji orny eýelejekdigi anyk boldy. Ýagny iňlis kluby 1/8 finala çykmagy başardy. Toparçadan pleý-of tapgyryna gatnaşjak topar ýa «Tuluza» ýa-da Belgiýanyň «Ýunion» topary bolar.

«F» toparçada ilkinji 2 orny eýelän klublar belli bolup, «Renn» myhmançylykda «Makkabi Haýfany» 3-0 hasabynda utdy. «Wilýarreal» kynlyk bilenem bolsa öz meýdançasynda «Panatinaikosy» 3-2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. «Renniň» 12 utugy bolsa, 1 oýny kem «Wilýarrealyň» 9 utugy bar.

«G» toparçada «Serwett» bilen «Roma» 1-1 deňme-deň oýnap, utuklary paýlaşdylar. 90+5-nji minutdaky penaltiden geçirilen gol bilen myhmançylykda «Şerifi» ýeňen «Slawiýa» utugyny 12-ä çykardy. «Romanyň» 10 utugy bar we toparçanyň lideri 6-njy duşuşyklardan soň belli bolar.

«H» toparçada edil çempionatda bolşy ýaly, «Baýeriň» ýeňlişsiz ýörişi Ýewropa Ligasynda-da dowam edýär. Habi Alonsonyň şägirtleri myhmançylykda şwed kluby «BK Hekeni» Bonifase hem-de Patrik Şikiň gollary bilen 2-0 hasabynda ýeňdi. 15 utuk toplan «Baýer» 1/8 finala adyny ýazdyrdy.  Toparçada 2-nji ýeri eýelemek üçin «Garabag» bilen «Moldeniň» arasynda ýiti göreş dowam edýär.

 

Çeşme: SalamNews