www.the-afc.com

AFC Cup. "Altyn Asyr" – "Abdyş-Ata" – 2:4

 

30.11.2023ý.

Şu gün ýagny, 2023-nji ýylyň 30-njy noýabrynda «Aşgabat» köpugurly stadionynda AFK-nyň kubogy 2023/24-iň 5-nji tapgyrynyň çäginde «Altyn Asyr» Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata» toparyny kabul edip, 2:4 hasabynda ýeňlişe sezewar boldy.

AFK-nyň Kubogy 2023/24: Merkezi zolak,

5-nji tapgyr: 30.11.2023ý.

«Altyn Asyr» (TÜRKMENISTAN) – «Abdyş-Ata» (Gyrgyz Respublikasy) – 2:4

[1:0] – 8' [77] Selim Nurmyradow

[2:0] – 15' [10] Rahman Myratberdiýew

[2:1] – 51' [11] Farkhat Musabekow

[2:2] – 58' [23] Ernist Batyrkanow

[2:3] – 65' [11] Farkhat Musabekow

[2:4] – 69'  [9] Emmanuel Yaghr

Duýduryş: 90'+6 [7] Myrat Annaýew («Altyn Asyr»)

Geçirilen ýeri: «Aşgabat» köpugurly stadiony (Aşgabat ş., Türkmenistan), 11 212 tomaçaşy.

TV: «Türkmenistan Sport» teleýaýlymy (Türkmenistan), «KTRK» teleýaýlymy (Gyrgyzystan), «Varzish», teleýaýlymy (Täjigistan)

Şeýle hem "E" toparçanyň ugurdaş duşuşygynda «Merw» Täjigistanyň «Rawşan» toparyny kabul edip deñme-deñ oýňady – 1:1.

Şeýlelik bilen 5-nji tapgyrdan soň «E» toparçadaky ýaryş tablisasy: 30.11.2023ý.

1. «Abdyş-Ata» (Gyrgyzystan) = 13 utuk

2. «ALTYN ASYR» (TÜRKMENISTAN) = 7

3. «MERW» (TÜRKMENISTAN) = 3

4. «Rawşan» (Täjigistan) = 3

Toparçada 6-njy tapgyryň duşuşyklary 14-nji dekabrda geçiriler. Şol gün türkmen klublary — «Altyn Asyr» hem-de «Merw» AFK-nyň Kubogynyň toparçasyndaky nobatdaky duşuşyklaryny myhmançylykda geçirerler. Ýagny, 6-njy tapgyryň «Rawşan» — «Altyn Asyr» hem-de «Abdyş-Ata» – «Merw» jübütleriniň duşuşyklary Aşgabat wagty bilen 19:00-da başlanar. 

6-njy tapgyr: 14.12.2023ý.

19:00 | «Rawşan» (Täjigistan) – «Altyn Asyr» (TÜRKMENISTAN) 

19:00 | «Abdyş-Ata» (Gyrgyz Respublikasy) – «Merw» (TÜRKMENISTAN)