
EUROQ 2024. Agyr şikes alan ispaniýaly ýaş ýyldyz üçin möwsüm tamamlandy
21.11.2023ý.
Tamamlanyp barýan Ýewropa çempionatynyň saýlama tapgyrynda «A» toparçada Ispaniýanyň ýygyndysy 8-nji duşuşygynda Gruziýany 3-1 hasabynda ýeňdi.
Duşuşykda ispanlaryň gollaryny Le Normand (4), Ferran Torres (55) hem-de Luhoşwili (72 ö.d.) geçirdi. Gruzinleriň adyndanam 10-njy minutda Kwarasheliýa tapawutlandy. Netijede, Ispaniýanyň ýygyndysy toparçany 1-nji orunda tamamlap, bije çekilişe 1-nji torbadan gatnaşmaga hukuk gazandy. Ýöne bu şatlykly pursatlar gynançly habar bilen bölündi. Oýnuň 55-nji minutynda toparyň ýaş ýarymgoragçysy Gawi agyr şikes alyp, meýdançany terk etmeli boldy. «Barselona» klubunyň esasy oýunçylarynyň biri bolan Gawini çynyň azyndan şikesiniň agyrdygy aýagynyň çapraz bagynyň ýyrtylandygy mälim edildi. Şeýlelikde, 19 ýaşly oýunçy üçin möwsümiň tamamlanandygy habar berildi. Gawi azyndan 6-8 aýlap meýdança çykyp bilmez.
Çeşme: SalamNews