EUROQ 2024. Ýollanma gazanan ýene-de 4-si belli boldy

20.11.2023ý.

Ýewropa çempionatynyň saýlama tapgyry ýene-de 2 günden tamamlanar we çempionatda çykyş etjek 24 ýygyndynyň 20-si belli bolar. Şu wagta çenli belli bolanlaryň hataryna Serbiýanyň ýygyndysy hem goşuldy.

«G» toparçada öz meýdançasynda Bolgariýa bilen duşuşan serbler 2-2 hasabynda deňme-deň oýnady. Duşuşykda Serbiýanyň gollaryny Welkowiç bilen Babiç, Bolgariýanyň gollaryny-da Rusew bilen Despdodow geçirdi. Toparçada beýleki duşuşykda-da Wengriýa öz meýdançasynda Garadagy 3-1 hasabynda ýeňdi. Şunlukda, toparçada Wengriýadan soň Serbiýanyň ýygyndysy Ýewropa çempionatyna gatnaşjak 2-nji ýygyndy bolar. Olar 2000-nji ýyldan soň, ýagny 24 ýyldan soň ilkinji, umumylykda-da 6-njy gezek yklym ýaryşyna gatnaşar. Olar soňky sapar Ýugoslawiýa FR ady bilen çempionatda çykyş edipdiler.

«F» toparçada Lukakunyň 4 gol geçiren oýnunda Belgiýanyň ýygyndysy Azerbaýjanyň ýygyndysyny 5-0 hasabynda ýeňdi. 17-nji, 26-njy, 30-njy hem-de 37-nji minutlarda tapawutlanan Romelu Lukaku Ýewropa çempionatynyň saýlama tapgyrynda iň köp gol geçiren oýunçy boldy. Mundan öňki rekord 13 gol bilen demirgazyk irlandiýaly Dewid Hill (EURO 2008) bilen polşaly Robert Lewandowski (EURO 2016) ikisine degişlidi. Estoniýany 2-0 hasabynda ýeňen Şwesiýanyň tälimçisi Ýanne Andersson wezipesini taşlady. Ol 2016-njy ýyldan bäri tälim berip gelýärdi.

«B» toparçada Fransiýanyň ýygyndysy öz meýdançasynda 1 oýunçy kem galan Gibraltary 14-0 hasabynda ýeňip, Ýewropa çempionatynyň saýlama tapgyrynyň rekordyny goýdy.

Irlandiýany Weghorstyň goly bilen 1-0 ýeňen Niderlandlaryň ýygyndysy bassyr 2-nji, umumylykda 11-nji gezek Ýewropa çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy.

«I» toparçada-da 2 ýygyndy hem belli bolup, myhmançylykda Ysraýyly 2-1 ýeňen Rumyniýa hem-de Kosowo bilen 1-1 deňme-deň oýnan Şweýsariýa Ýewropa çempionatyna gatnaşarlar. Iki ýygyndy hem 6-njy gezek Ýewropa çempionatyna ýollanma alyp, toparçada haýsysynyň lider boljakdygy 21-nji noýabrdaky özara duşuşykdan soň belli bolar.

Şeýlelikde, Germaniýada geçiriljek EURO 2024-e gatnaşjak 24 ýygyndynyň 17-si belli boldy. Galan 7 toparyň 3-si şu gijeki hem-de ertir gijeki oýunlardan, galan 4-si bolsa mart aýyndaky pleý-off duşuşyklaryndan soň belli bolar.

 

Çeşme: SalamNews