.jpeg)
Dembele häzirki möwsümiň iň ökde dörediji oýunçysy
16.11.2023ý.
Halkara sport gözleg merkezi "CIES Football Observatory" häzirki möwsümde gol geçirmek üçin mümkinçilik döredýän dünýäniň iň ökde 100 oýunçysynyň sanawyny hödürledi.
Sanaw düzülende, 90 minutda esasy paslaryň we garaşylýan asistleriň sanyny, şeýle hem oýnan oýunlaryň sanyny göz öňünde tutuldy. Şeýle hem häzirki möwsüm bir toparyň düzüminde ligada azyndan 630 minut oýnan oýunçylar hasaba alyndy.
Dünýäniň iň ökde dörediji oýunçylarynyň sanawynda «PSŽ» toparyň oýunçysy Osman Dembele, Fransiýanyň Liga 1 çempionatynda 11 oýunda 4 asist berip, birinji ýeri eýeledi. «Bawariýanyň» oýunçysy Leroý Sane 2-nji orny we «Atletikdan» Niko Williams bolsa 3-nji orny eýeledi.
Iň ökde dörediji 100 oýunçynyň arasynda dünýäniň 33 ligasynyň wekilleri bar. Iň köp oýunçylar Angliýanyň premýer-ligasyndan bolup, 16 oýunçysy ilkinji 100-lige girýär.
"CIES Football Observatory" görä, iň ökde dörediji oýunçylar:
1. Osman Dembele, «PSŽ»
2. Leroý Sane, «Bawariýa»
3. Niko Williams, «Atletik»
4. Kilian Mbappe, «PSŽ»
5. Mussa Diaby, «Aston Willa»
6. Muhammet Salah, «Liwerpul»
7. Frank Onora, «Borussiýa «Mönhengladbah»
8. Maksimiliano Nunez, «Nasional Potosi»
9. Inýaki Williams, «Atletik»
10. Magnus Eýkrem, «Molde»