Çarymyrat Gurbanow eminlik bilen hoşlaşýar

14.05.2024ý.

FIFA-nyň emini Çarymyrat Gurbanow şu gün iň soňky gezek resmi duşuşyga çykyp, şondan soň jürlewüklerini ildirgiçden asar – eminlik bilen hoşlaşar.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, 46 ýaşly futbol hünärmeni şu gün Aşgabadyň «Nusaý» stadionynda geçiriljek «Ahal» – «Nebitçi» duşuşygynyň esasy emini bolar.

Gurbanow Çarymyrat Durdymyradowiç 1977-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň Bäherden şäherinde dünýä indi. Ol 2003-nji ýyldan bäri halkara derejeli duşuşyklarda eminlik edip gelýär. Mahlasy, onuň futbol ýoluny jogapkärçilikli duşuşyklaryň 700-den gowragyndaky başarjaň eminligi bezeýär.

Çarymyrat Gurbanow Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uçurymydyr.

Ol dürli ýyllarda Dünýä çempionatynyň saýlama duşuşyklarynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň kubogy ugrundaky halkara ýaryşlarda, AFK-nyň kubogynda, AFK-nyň prezidentiniň kubogynda, halkara derejeli ýoldaşlyk duşuşyklarynda we Aziýa oýunlarynda eminlik etdi.